Türkiýe Pakistanda medresä guralan bombaly hüjümi berk ýazgardy

“Bu hyýanatçylykly terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys"

1338825
Türkiýe Pakistanda medresä guralan bombaly hüjümi berk ýazgardy

Türkiýe Pakistanda medresäniň içinde ýerleşýän metjitde guralan bombaly hüjümi berk ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Pakistanyň Buluçistan velaýatynyň paýtagty Kuettada medresäniň içinde ýerleşýän metjitde bolan partlamada köp sanly adamyň ýogalmagyna ve ýaralanmagyna uly gynanç bildirildi.

Beýanatda “Bu hyýanatçylykly terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys, hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa, Pakistanyň hökümetine ve doganlyk halkyna çuňňur gynanç bildirýäris” diýildi.

Pakistanyň Buluçistan velaýatynyň paýtagty Kuettada medresäniň içinde ýerleşýän metjitde bolan partlamada 15 adam ýogalypdy, 19 adam ýaralanypdy.

 

 



Degişli Habarlar