Milli Howpsyzlyk gullugy Yragyň demirgazygynda möhüm operasiýa geçirdi

Howpsyzlyk çeşmeleri mesele bilen bagly beýanat berdi

1334227
Milli Howpsyzlyk gullugy Yragyň demirgazygynda möhüm operasiýa geçirdi

Türkiýäniň Milli Howpsyzlyk gullugynyň Yragyň demirgazygynda geçiren operasiýasynda, terror guramasy ÝPG/PKK-nyň razwedka işlerinden jogapkär ýolbaşçysy “Koçer” adyny ulanýan Metin Arslan täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Howpsyzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň ilkinji hepdesinde Sinjar sebitiniň Hanesora diýilen ýerinde geçirilen operasiýa bilen täsirisiz ýagdaýa getirilen terrorçynyň, terror guramanyň ýolbaşçysy Abdullah Öjalanyň daýysynyň ogly, gyzyl býulleten kategoriýasy boýunça gözlenýän 1968-nji ýylda dogulan Metin Arslandygy mälim edildi.

Terror guramasynyň düzümine 1994-nji ýylda goşulan Metin Arslanyň, 2004-2007-nji ýyllar aralygynda Abbas adyny ulanýan Duran Kalkana degişli ýagdaýda iş alyp barandygy, 2007-nji ýylda Yragyň demirgazygyndaky Gare bazasynyň jogapkär ýolbaşçysy ýagdaýyna bellenendigi we Türkiýä garşy ençeme hüjümiň buýrugyny berendigi aýan edildi.

Metin Arslanyň 2012-nji ýylda ÝPG-nyň Daşary razwedka bölüminiň jogapkär ýolbaşçylygyna bellenendigi, 2015-nji ýylda ÝPG-nyň Siriýanyň demirgazygyndaky Karaçok dagyndaky ştabyň serkerdeligini ýerine ýetirmäge başlandygy we Türkiýäniň Karaçoka garşy 2017-nji ýylda guran howa hüjüminde ýaralandygy habar berildi.


Etiketkalar: #razwedka , #ÝPG , #PKK , #operasiýa

Degişli Habarlar