Ýerli awtoulag Bursada öndüriler

Prezidentiň Resmi gazetde çap edilen karary bilen ýerli elektromobiliň öndürilmegi bilen bagly detallar belli boldy

1330371
Ýerli awtoulag Bursada öndüriler

Prezident R.T.Erdoganyň goly bilen çap edilen karara görä ýerli elektromobiliň önümçilik desgasy Bursada gurlar we taslama laýyklykda döwlet goldawy beriler.

“Türkiýäniň Awtoulagy Başlangyç Topary Senagat we Söwda Paýdarlar Jemgyýeti” tarapyndan dolulygyna täze maýa goýum hökmünde guruljak desganyň göz öňünde tutulýan jemi gymmaty 22 milliard lira barabar bolar.

Ýerli awtoulagyň önümçilik desgasynda 4,323 adam işlär we şolaryň 300 sanysy hünärmenlerden ybarat bolar.

Elektromobiliň önümçiligi 5 modelde ýylda 175 müň sany bolar.



Degişli Habarlar