Türkiýäniň Ilkinji ýerli Awtoulagy TOGG tanyşdyryldy

Türkiýäniň ýerli awtoulagy infrastrukturasy saýasynda hemişe internediň içinde bolar, internede girip bilmek üçin tapawutly bir enjama zerurlyk galmaz

1330867
Türkiýäniň Ilkinji ýerli Awtoulagy TOGG tanyşdyryldy
turkiye'nin otomabili (togg)
turkiye'nin otomabili (togg).jpg
turkiye'nin otomabili (togg).jpg
turkiye'nin otomabili (togg).jpg
turkiye'nin otomabili (togg).jpg

Segmentleriniň arasynda iň uzyn teker bazasyna eýe boljak Türkiýäniň ýerli awtoulagynyň atym mukdary 30 minutdan az wagtda 80 göterime çykyp biler.

Elektrik modul platformalary bilen 300+ we 500+ km aralyk görnüşlerine eýe boljak awtoulag, merkeze hemişe bagly bolar we ulgamlarynyň täzelenmegi uzak aralykdan hem bolsa 4G/5G ulgamlary bilen ýerine ýetiriler. 

Döwrebap batareý dolanşyk we aktiw ýylylyk dolanşyk ulgamlaryny üpjün edýän uzak ömürli batareýlere eýe boljak awtoulag, 200 at güýji bilen 7,6 sekuntda, 400 at güýji bilen bolsa 4,8 sekuntdan hem az wagtda 100 km/sag tizlige çykyp biler. 

100 göterim elektrik tokda işlejek ulag, bir ulagdan has köp zat hödürlejek döwrebap tehnologiýalary bilen öý we iş ýerlerinden soň 3-nji ýaşaýyş ýeri bolar. 

Türkiýäniň ýerli awtoulagy infrastrukturasy saýasynda hemişe internediň içinde bolar, internede girip bilmek üçin tapawutly bir enjama zerurlyk galmaz. 

 


Etiketkalar: #Türkiýe , #göterim , #ulag

Degişli Habarlar