Yragyň demirgazygynda üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirtildi

Milli Goranmak ministrligi Yragyň demirgazygynda geçirilen operasiýa bilen bagly beýanat berdi

1327333
Yragyň demirgazygynda üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirtildi

Terrora garşy operasiýalar hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda tutanýerlilik bilen dowam edýär.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Yragyň demirgazygyndaky Zap we Sinat Haftanin sebitlerine howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýalaryň guralandygy mälim edildi.

Operasiýanyň netijesinde hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar