Uçarmansyz howa ulagy DKTR-nyň we Türkiýäniň bähbitlerini gorar

Prezidentiň orunbasary Oktaý, Türkiýeden uçan we DKTR-na gonan ilkinji uçarmansyz howa ulagy hakynda beýanat berdi

1324292
Uçarmansyz howa ulagy DKTR-nyň we Türkiýäniň bähbitlerini gorar

 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Geçitkale howa menziline gonan ilkinji uçarmansyz howa ulagynyň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň we Türkiýäniň bähbitlerini gorajakdygyny aýtdy.

Oktaý, Türkiýeden uçan we DKTR-nyň Geçitkale howa menziline gonan ilkinji uçarmansyz howa ulagy hakynda beýanat berdi.

Fuat Oktaý “Gündogar Ortaýer deniziniň howa giňişliginde iş alyp barmak üçin Geçitkale howa menziline gonan ilkinji uçarmansyz howa ulagymyz DKTR-nyň we ýurdumyzyň bähbitlerini gorar, sebitde durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegine iteri berer. Uçarmansyz howa ulagymyz düşümli bolsun” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar