Türkiýe ABŞ-nyň Ermeni kararyna reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň hökümeti ABŞ-nyň Senadynyň Ermeni tezislerini goldap kabul eden kararyna reaksiýa bildirdi

1322598
Türkiýe ABŞ-nyň Ermeni kararyna reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, ABŞ-nyň Senadynyň 1915-nji ýyldaky hadysalary genosid hökmünde ykrar edýän karar taslamasyny kabul etmegini, taryhyň nädip syýasylaşdyryp bolýandygynyň utandyryjy mysallarynyň biri hökmünde häsýetlendirip, kararyň Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrundaky tagallalary ýumurmagy maksat edinýän weýran ediji bir hereketdigini aýan etdi.

Ministrlik tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, kararyň her dürli taryhy çeşmelerden we hukuk esaslaryndan mahrumdygy habar berildi.

Ady agzalan kararyň baglanşygynyň we güýjüniň bolmandygy aýdylýan beýanatda, Türkiýäniň sebitinde öz bähbitlerini goramak üçin alyp barýan göreşlerini, bular ýaly haksyz we düşündirişsiz kararlardan täsir almadan tutanýerlilik bilen dowam etdirjekdigi mälim edildi.



Degişli Habarlar