Akar: “S-400 raketa goranyş ulgamyndan yza gaýdyş bolmaz”

Milli goranmak ministri Hulusi Akar S-400 raketa goranyş ulgamyndan yza gaýdyşyň mümkin bolmajakdygyny ýene-de bir gezek beýan etdi

1321439
Akar: “S-400 raketa goranyş ulgamyndan yza gaýdyş bolmaz”

“Anadoly” habarlar gullugyna beýanat beren Hulusi Akar soňky günlerde S-400 goranyş ulgamy boýunça dowam edýän diskussiýalar barada durup geçdi.

Goranyş ulgamyndan yza gaýdyşyň mümkin däldigini beýan eden Akar: “Bu ulgam barka nähili çözgüt tapylar, ine şunuň üstünde işlenmeli” diýdi.

Hünärmenleriň talimlerini ýylyň ahyryna çenli tamamlamagy meýilleşdirýändiklerini nygtan Akar, ulgamyň 2020-nji ýylyň bahar aýlarynda ulanylmaga başlanjakdygyny aýtdy.

Hulusi Akar NATO agza ýurtlar bilen ikinji howa goranyş ulgamy floty üçin hem gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy. Akar: “Bir tarapda S-400-iň alynmagy, beýleki tarapda bolsa milli we ýerli önümleriň öndürilmegi üçin taýarlyklarymyz dowam edýär” diýdi.



Degişli Habarlar