Mewlüt Çawuşogly: "Liwiýa Gresiýanyň hemlelerine boýun egmez" diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Liwiýa Gresiýanyň hemlelerine boýun egmez" diýdi

Mewlüt Çawuşogly: "Liwiýa Gresiýanyň hemlelerine boýun egmez" diýdi

Çawuşogly, Italiýanyň paýtagty Rimde metbugat işgärlerine beýanat berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Ortaýer deňizi boýunça 27-nji noýabrda “Howpsyzlyk we harby hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyk” bilen iki ýurduň halkara hukugyndan gelip çykýan haklarynyň goralmagyny nazarda tutýan Deňiz ygtyýar giňişlikleriniň çäklendirilmegi Hakyndaky ylalaşyga gol goýan Liwiýanyň, Afiny şäherindäki ilçihanasyny ýurtdan çykarmak barada karar kabul eden Gresiýanyň hemlelerine boýun egmejekdigini beýan etdi. 

Çykyşynda Liwiýanyň Gresiýadaky ilçisiniň ýurtdan çykarylmagynyň kabul ediljek bir karar bolmandygyny aýdan Çawuşogly: "Bir ýurda hemle atmak dogrymy? Bu gizlin bir zat däl. Biziň mejlisimizden geçen bir zadyň gizlin bolmagy mümkinmi? Liwiýa jaň edip, şol resminamany maňa ugratmasaň, ilçiňi ýurtdan çykaryn diýseň, Liwiýa bular ýaly ýagdaýda boýun egmez. Adam ýaly aýtsalar Liwiýada bererdi, biz hem bererdik" diýip aýan etdi. 

 


Etiketkalar: ilçi , Liwiýa , Gresiýa

Degişli Habarlar