Agry welaýatynda dört terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Agry welaýatynyň Tutak etrabynda geçirilen operasiýada 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1318990
Agry welaýatynda dört terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň berýän habaryna görä, içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde Agry welaýatynyň Tutak etrabynda Welaýat Žandarma serkerdeligi we Welaýat Içeri işler edarasy tarapyndan operasiýa geçirildi.

Operasiýanyň netijesinde žandarma we polisiýanyň ýöriteleşdirilen toparlary bilen terrorçylaryň arasynda ýaragly çaknyşyk boldy.

Ýüze çykan çaknyşykda eli ýaragly 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar