Prezident Erdogan Londona bardy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Britaniýanyň paýtagty Londona bardy

Prezident Erdogan Londona bardy

Prezident Erdogany Stansted howa menzilinde, Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizawetanyň sebitleýin wekiliniň orunbasary Lord Winsent Thomson, Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň wekili Dawid Peareý, Türkiýäniň London şäherindäki ilçisi Ümit Ýalçyn we ilçihananyň işgärleri garşyladylar. 

Prezident Erdogan bilen aýaly Emine Erdogan, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik, Ak partiýanyň Izmirden deputaty Binali Ýyldyrym, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun we Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Londona bardylar. 

 


Etiketkalar: London , Prezident , Erdogan

Degişli Habarlar