Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde we Penje-3 operasiýasynda iki esger şehit boldy

Kanuny goranyş hukugynyň çäginde garşylyk görkezilendigi aýdylýan beýanatda, anyklanan nyşanalaryň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi

Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde we Penje-3 operasiýasynda iki esger şehit boldy

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň geçirilen sebitinde, ekstremist terror guramasyna agza terrorçylar tarapyndan minomýot bilen guralan hüjümde agyr ýaralanan bir esgeriň, alynyp gidilen hassahanasynda edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmändigi mälim edildi.

Kanuny goranyş hukugynyň çäginde garşylyk görkezilendigi aýdylýan beýanatda, anyklanan nyşanalaryň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.

Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje-3 operasiýasynda hem PKK-ly terrorçylar bilen ýüze çykan çaknyşykda bir esgeriň şehit bolandygy we ýaralanan 1 esgeriň hassahana ýatyrylandygy mälim edildi.

Beýanatda, şehit bolan esgerlere Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna sabyr, ýaralanan esgere bolsa şypa dilendigi.



Degişli Habarlar