NATO-nyň Liderler maslahatynyň çäginde çäreler geçiriler

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy mesele bilen bagly beýanat berdi

NATO-nyň Liderler maslahatynyň çäginde çäreler geçiriler

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy, ertir Prezident R.T. Erdoganyň hem gatnaşjak NATO-nyň Liderler maslahatynyň çäginde Britaniýanyň paýtagty Londonda ençeme çäräniň geçiriljekdigini habar berdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, şu gün “Türkiýe bilen bagly gürrüňler” atly paneliň çäginde London şäherindäki “Naval and Military” klubynda “Türkiýäniň NATO-daky roly we sebitleýin howpsyzlyk synaglary” atly bölüm geçiriler.

Türkiýäniň NATO üçin, NATO-nyň hem Türkiýe üçin ähmiýetiniň ara alynyp maslahatlaşyljak panelden soň türk wekiliýeti, “Financial Times” gazediniň redaktorlar geňeşiniň agzalary bilen duşuşyk geçirerler.

Türk wekiliýeti ertir bolsa NATO-nyň Liderler maslahatynyň çäginde geçiriljek we özgeren dünýäde NATO-nyň ähmiýetiniň we gelejeginiň maslahatlaşyljak "NATO Engages: Innovating the Alliance" temaly çärä gatnaşarlar.

Türk wekiliýeti 4-nji dekbarda bolsa Konserwatiw partiýalarynyň deputatlary we Beýik Britaniýanyň ÝB-niň düzüminden çykmak, ýagny Breksit ministriniň ozalky maslahatçysy Nik de Boisiň ýolbaşçylygynda, “Türkiýäniň konserwatiw partiýaly dostlary” atly tegelek stol maslahatyna gatnaşarlar.

Breksit etabyndan soň Türkiýe-Beýik Britaniýa gatnaşyklarynyň ykdysady we howpsyzlyk göwrüminiň ele alynjak maslahatda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has özgermegi üçin ediljek ädimler bilen bagly meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.  



Degişli Habarlar