Goranmak ministrligi: NATO-da syýasy gözegçilige doly ýagdaýda eýediris

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi: "NATO-da syýasy gözegçilige doly ýagdaýda eýediris" diýip nygtady

Goranmak ministrligi: NATO-da syýasy gözegçilige doly ýagdaýda eýediris

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan, Türkiýäniň NATO goşýan goşandy bilen bagly brifing geçirildi.

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda, NATO-nyň Türkiýäniň syýasy gözegçilige doly ýagdaýda eýe bolan möhüm bir syýasy-harby guramadygy bellenip: “NATO has ynamly, bökdençsiz we hemişelik bir alýans bolmak aýratynlygyny gorap saklaýar. Ýurdumyz beýleki hyzmatdaşlary bilen paýlaşan umumy gymmatlyklaryň goralmagy babatynda, öz üstüne düşen jogapkärçiligi dolulygyna ýerine ýetirýär” diýip nygtaldy.

Beýanatda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň 2019-njy ýylda NATO-nyň 23 aýry harby türgenleşigine 2 müň 414 harbysy bilen gatnaşandygy, 2020-nji ýylda geçiriljek türgenleşiklere hem gatnaşmagy meýilleşdirýändigi aýan edildi.

Beýleki tarapdan howpsyzlyk çeşmeleri tarapyndan NATO-nyň howpsyzlyk meýilnamalarynyň weto edilmegi bilen baglanşykly berilen beýanatda: “Tertip-düzgün adaty ýagdaýda işleýär. Türkiýe haýýarlyk edýär sözleri kabul ediljek beýanat däl. NATO-nyň möhüm bir güýjüdiris. Hiç kim biziň NATO goşýan goşantlarymyza söz aýdyp bilmez. Türkiýe berýän goldawlary bilen NATO-nyň edil merkezindedir” diýip mälim edildi.


Etiketkalar: beýanat , NATO , Türkiýe

Degişli Habarlar