"Hyzmatdaşlar Türkiýäniň howpsyzlyk aladasyna üns bermeli"

NATO maslahaty dekabr aýynyň 3-4-i aralygynda Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirler

1314003
"Hyzmatdaşlar Türkiýäniň howpsyzlyk aladasyna üns bermeli"

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, hyzmatdaşlaryň Türkiýäniň howpsyzlyk aladasyna üns bermelidigini nygtady.

NATO maslahaty dekabr aýynyň 3-4-i aralygynda Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirler.

ABŞ, NATO-nyň ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ni howp hökmünde görýän meýilnamasyna garşylyk görkezdi.

Türkiýe bolsa waka reaksiýa bildirip NATO-nyň Baltika ýurtlary we Polşa hakyndaky howpsyzlyk meýilnamasyny tassyklamady.

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalyn mesele hakynda beren beýanatynda, Türkiýäniň NATO-nyň iň güýçli ikinji goşunyna eýedigini we ÝB-e doly agza bolmagy maksat edinýändigini nygtady.

Kalyn “Hyzmatdaşlar Türkiýäniň milli howpsyzlygyna garşy bolan howplara üns bermeli we şol howplary ortadan aýyrmak üçin hereket etmeli” diýdi.

 



Degişli Habarlar