Çawuşogly: “S-400-leri gutyda saklamak üçin satyn almadyk”

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň hç bir ýurda S-400 howa goranyş ulgamlaryny gurmajakdygy ýa-da ulanmajakdygy barada söz bermändigini habar berdi

1312883
Çawuşogly: “S-400-leri gutyda saklamak üçin satyn almadyk”

Mewlüt Çawuşogly, Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatyna gatnaşmak üçin baran mejlisde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Ankarada S-400-ler bilen bagly synaglaryň geçirilýändigini ýatladyp, ABŞ tarapyndan mesele bilen bagly berilen beýanatlar baradaky soraglara jogap beren Çawuşogly: “S-400-leri gurmarys ýa-da ulanmarys diýip hiç kime söz bermedik. Howa goranyş ulgamlaryny zerurlygymyz bolanlygy üçin satyn aldyk” diýip belledi.

Italiýanyň, Gollandiýanyň we Germaniýanyň Türkiýedäki howa goranyş ulgamlaryny 2013-nji ýylda yzyna alyp gidendigini ýatladan Çawuşogly: “S-400-leri zerurlygymyz bolanlygy üçin aldyk. Gutyda saklamak üçin howa goranyş ulgamy satyn alynarmy? Hormatly Prezidentimiz bular ýaly söz bermändigimizi açyk we anyk ýagdaýda ABŞ-e ýetirdi. Bular ýaly söz bermegimiz mümkin däl” diýip nygtady.



Degişli Habarlar