Yragyň demirgazygynda bäş terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Haftanin sebitinde, Penje-3 operasiýasynyň çäginde geçirilen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1309209
Yragyň demirgazygynda bäş terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň, sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen berilen beýanatda: “Yragyň demirgazygynda Penje-3 operasiýasynyň çäginde Haftanin sebitinde geçirilen operasiýada, terrorçylykly aksiýa geçirmek isländigi anyklanan PKK-ly 5 terrorçy Ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Operasiýalarymyz arakesmesiz ýagdaýda dowam edýär” diýip habar berildi.



Degişli Habarlar