PKK/ÝPG DAIŞ-e agza 800 terrorçyny azat etdi

Terror guramasy PKK/ÝPG Siriýanyň Tel Abýad şäherindäki tussaghanasyndan terror guramasy DAIŞ-e agza 800 terrorçyny azat etdi

1308042
PKK/ÝPG DAIŞ-e agza 800 terrorçyny azat etdi

Milli Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, terror guramasy DAIŞ howpyna garşy ýüzlerçe adam ýitgi çeken we DAIŞ-e agza terrorçylaryň ilki çykan gününden başlap egilşiksiz ýagdaýda göreş alyp baran ýeke-täk ýurdyň Türkiýedigi mälim edildi.

Beýanatda: “Türkiýe, söweş meýdanynda terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşen NATO-nyň we koalisiýanyň ýeke-täk agzasy hökmünde, Siriýada we Yrakda 4 müňden gowrak DAIŞ-e agza terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getiren bolsa, PKK/ÝPG terror guramasy bolsa Tel Abýadyň tussaghanasyndaky terror guramasy DAIŞ-e agza azyndan 800 terrorçyny azat etdi. Makasady başda DAIŞ bolmak bilen ähli terror guramalaryny sebitden saplamak bolan Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy we soňky wagtlarda DAIŞ-iň liderlerine garşy geçirilen operasiýalar bu meseledäki tutanýerliligimiziň görkezijisidir” diýip habar berildi.



Degişli Habarlar