Terrora garşy göreş egilşiksiz dowam edýär

Gara etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy howa hüjüminde täsirsiz ýagdaýa getirildi

1307616
Terrora garşy göreş egilşiksiz dowam edýär

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Haftanin etrabynda hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanylan ekstremist terror guramasy PKK-a garşy howa güýçleri tarapyndan operasiýa guraldy

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, Penje 3 operasiýasynyň çäginde Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Haftanin etrabynda terrorçylaryň hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanyldy

Terror guramasyna garşy Howa güýçleri tarapyndan guralan operasiýada PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýanatda “Terrora garşy egilşiksiz göreş soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder” diýildi.

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Gara etrabynda hem ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy howa hüjüminde täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Gara etrabynda hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän we ýerleri anyklanylan PKK-ly terrorçylara garşy howa güýçleri tarapyndan howa hüjümi guraldy. Howa hüjüminde 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 

 

 



Degişli Habarlar