Terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylar ýurtdan çykarylmaga başlandy

"Biz hiç kimiň we DAIŞ-iň myhmanhanasy däl"

1304057
Terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylar ýurtdan çykarylmaga başlandy

 

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Ismail Çatakly, terror guramasy DAIŞ-e agza 1 amerikalynyň Türkiýeden çykarlandygyny habar berdi.

Çatakly “ Germaniýanyň raýaty bolan 7 terrorçy hem 14-nji noýabrda ýurtdan çykarlar. Daniýanyň raýaty bolan 1 terrorçynyň ýurtdan çykarylmagy baradaky işler dowam edýär” diýdi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, geçen hepde günbatarly ýurtlara ýüzlenip “Duşenbe gününden başlap DAIŞ-e agza terrorçylary  raýaty bolan ýurtlaryna ugratmaga başlaýarys. DAIŞ-iň agzalaryny raýatlykdan çykaryp çykarmandygyňyza garamazman olar siziň ýurtlaryňyza ugradylar. Näme etseniz ediň. Biz hiç kimiň we DAIŞ-iň myhmanhanasy däl” diýipdi



Degişli Habarlar