Prezident Erdogan ertir ABŞ-a gider

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygyna laýyklykda ertir bu ýurda gider

1304436
Prezident Erdogan ertir ABŞ-a gider

Erdogan Trampyň çakylygyna laýyklykda 12-13-nji noýabr aralygynda ABŞ-e iş saparynda bolar. 

Prezident Erdogan, iş saparynyň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşyk geçirer we bilelikde toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk eder. 

Duşuşyklarda Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary maslahatlaşylar. Saparyň çäginde Siriýa başda bolmak bilen, sebitleýin we global derejedäki meseleleriň ele alynmagynyň, mundan başgada terrorizmiň ähli görnüşlerine garşy göreşde, jebislik, hyzmatdaşlyk we gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi üçin ediljek ädimleriň üstünde durular. 

Saparynyň çäginde ABŞ-nyň Söwda palatasynyň ýer eýeçilik etmeginde geçiriljek maslahatda işewür adamlara ýüzlenip çykyş etjek Erdoganyň, şeýlede Meriland ştatynda ýerleşýän ABŞ-nyň Din işler merkezine baryp türk raýatlar, asly türk bolan amerikalylar we musulman jemgyýetiň wekilleri bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär. 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #sapar , #Erdogan

Degişli Habarlar