Erdogan: “Tokaýlaryň ululygyny 17 ýylda 22,6 million gektara ýetirdik”

Milli agaçlandyrma gününiň çäginde şu gün Türkiýäniň 81 welaýatynda 11 million ýaş nahal oturdylar

1304198
Erdogan: “Tokaýlaryň ululygyny 17 ýylda 22,6 million gektara ýetirdik”
erdogan.jpg

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, paýtagt Ankarada Batykentiň Çakyrlar etrapçasynda geçirilen, Milli Agaçlandyrma güni programmasyna gatnaşyp, halka ýüzlendi.

Çykyşynda maksatlarynyň zümerret ýaşyl bir Türkiýäni emele getirmekdigini aýdan Erdogan, çärä bildirilen uly gyzyklanmanyň, bellenen maksatdan hem geçip, dünýä nusga boljak bir çärä öwrülendigini habar berdi.

Erdogan, rekordyň şu gün Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmileri tarapyndan Çorumdan gözegçilik edilip, bellige alynjakdygyny mälim etdi.

Ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň Bodrumda, Marmarisde, Izmirde, Antalýada ençeme tokaýlyk ýeri rehimsizlik bilen ýakandygyny ýatladan Erdogan: “Bu PKK diýilýän ekstremist terror guramasynyň ýan şahasy özleriniň ýakandygyny boýun aldy. Olar ýakdylar, biz bolsa oturtdyk. Bularyň aladasy daşky gurşawy goramak dälde, käbirleriň adyndan Türkiýäni gabamakdy. Allanyň ýardamy we milletimiziň goldawy bilen bu duzaklaryň ählisiniň hötdesinden geldik. Islendik meselede bolşy ýaly, agaçlandyrma kampaniýamyzda hem milletimiz bilen gol gola, köňül köňüle işleşýäris” diýip belledi.

Prezident Erdogan, 17 ýylda jemi 4,5 milliard ýaş nahaly oturdyp, tokaýlaryň ululygyny 20,8 million gektardan 22,6 million gektara ýetirendiklerini habar berdi.



Degişli Habarlar