Türkiýedäki 10-njy noýabr Atatürki Hatyralama güni mynasybetli çäreler

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Gazi Mustafa Kemal Atatürk, bakyýete gitmeginiň 81-nji ýyly mynasybetli ýurdyň ähli ýerinde çäreler geçirilýär

1303486
Türkiýedäki 10-njy noýabr Atatürki Hatyralama güni mynasybetli çäreler
10 kasim anma5.jpg
10 kasim anma4.jpg
10 kasim anma3.jpg
10 kasim anma2.jpg
10 kasim anma1.jpg

Paýtagt Ankaradaky resmi dabaralaryň ilkinji salgysy Anytkabir boldy.

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki wekiliýet Anytkabiri zyýarat edip, mawzoleýe gül desselerini goýdylar, hormatly dymyşlyk etdiler.

Anytkabiriň ýörite depderine gol çeken Erdogan: “Milli Azat edijilik söweşimiziň Baş serkedesi, Respublikamyzyň esaslandyryjysy, ilkinji Prezidenti Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň aradan çykmagynyň 81-nji ýylynda uly hormat bilen hatyralaýarys. Merhum Atatürk we egindeşleri bilen müň ýyl bäri bu topraklary bize watan etmek üçin göreş alyp baran ähli şehitlerimiziň we gazylarymyzyň eziz ýatlamalary milletimiziň kalbynda hemişe ýaşar. Özüniň bize amanady bolan Respublikamyzy ebedi ýaşatmak, özgertmek, güýçlendirmek üçin ähli güýjümiz bilen işlemäge dowam ederis. Ýatan ýeriň ýagty bolsun” diýip belledi.

Atatürkiň bu dünýä gözlerini ýuman ýeri bolan Stambuldaky Dolmabahçe köşgi hem şu gün ir ertirden başlap gelen myhmanlara açyldy.

Dolmabahçe köşgüne üýşen adamlar we okuwçylar hormatly dymyşlyk etdiler, Milli Senany ýerine ýetirdiler, Atatürkiň düşegine we töweregine ak we gyzyl gwozdika güllerini goýdylar.

Ýurdyň ähli ýerinde Beýik Lider Atatürkiň bu dünýä gözlerini ýuman sagady bolan 09:05-de sirenalaryň ýaňlanmagy bilen hormatly dymyşlyk edildi, ýollardaky ulaglar durdy, sürüjiler ulaglarynyň signallaryny basyp, hormatly dymyşlyga ýoldaşlyk etdiler.

Kappadokiýada bolsa gelen daşary ýurtly myhmanlar üçin turlar guraýan işgärler, howa şarlaryna Türkiýäniň baýdagyny we Atatürkiň suratyny asdylar.



Degişli Habarlar