Goranmak ministrligi 10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama güni mynasybetli wideo paýlaşdy

Goranmak ministrligi sosial media hasabynyň üsti bilen Atatürk bilen baglanşykly wideolary 6-njy noýabrdan başlap paýlaşmaga başlady

1303366
Goranmak ministrligi 10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama güni mynasybetli wideo paýlaşdy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, 10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama gününden ozal her gün sagat 09:05-de Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürk bilen baglanşykly wideo paýlaşmaga dowam edýär. 

Goranmak ministrligi sosial media hasabynyň üsti bilen Atatürk bilen baglanşykly wideolary 6-njy noýabrdan başlap paýlaşmaga başlady. 

Şu gün bolsa Atatürkiň şahsy zatlarynyň, özüne berilen we çagalary tarapyndan edilen sowgatlar bilen Çanakgala we Milli Azat edijilik söweşleriniň sahnalaşdyrylan panoramalaryň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabirdäki Atatürk we Milli Azat edijilik söweş muzeýi bilen bagly ýörite wideo paýlaşdy. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan, Atatürkiň ýogalmagynyň 81 ýyylygyna bagyşlanyp "Hemişelik kalbymyzdasyň Mustafa Kemal Atatürk" sözleri bilen taýarlanan wideoda, muzeýde sergilenýän zatlar we biri-birinden üýtgeşik maglumatlar görkezildi. 

Wideo Atatürkiň "Ölüm adamyň üýtgewsiz ykbalydyr, esasy zat unutylmazlyk" sözleri bilen tamamlanýar. 

 


Etiketkalar: #Anytkabir , #Atatürk , #muzeý , #wideo

Degişli Habarlar