Türk-Rus üçünji umumy gözegçilik işi tamamlandy

Soçi ylalaşygynyň çäginde Türkiýäniň we Russiýanyň harbylarynyň gatnaşmagynda Siriýada Ýewfrat derýasynyň gündogarynda geçirilen bilelikdäki 3-nji guryýer gözegçilik işleri tamamlandy

Türk-Rus üçünji umumy gözegçilik işi tamamlandy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň we Russiýanyň harby ulag kerweniniň Siriýada howpsyz zolagyň döredilmegi bilen baglanşykly geçiren 3-nji bilelikdäki gözegçilik işlerine uçarmansyz howa ulaglary hem ýoldaşlyk etdi.

Şyrnak welaýatynyň Idil etrabynyň Alakamyş obasyndan 4 harby ulagdan emele getirilen Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ulag kerweni, bilelikdäki gözegçilik işlerine gatnaşmak maksady bilen serhediň Siriýa tarapyna geçip, Russiýanyň harby ulag kerweni bilen jemlenişdi.

Türk-Rus bilelikdäki guryýer gözegçilik işleri, Kamyşly-Derik arasyndaky sebitde geçirildi.

Bu sebitde gözegçilik işlerini geçiren ulag kerweniniň patrullyk işi 3 sagat 45 minut dowam etdi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň düzümi 3-nji guryýer gözegçilik işleri üçin Kamyşlynyň gündogaryna ilkinji gezek geçdi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri, gözegçilik işleri tamamlananyndan soň, serhet zolagyna gaýdyp geldi.

Siriýa serhediniň golaýynda ýerleşýän Şyrnak welaýatynyň Idil etrabynyň Alakamyş obasy, ozal ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň Türkiýä girmäge synanyşan ýeri hökmünde gün tertibe gelipdi.


Etiketkalar: rus , türk , Siriýa , gözegçilik

Degişli Habarlar