Içeri Işler Ministri: “DAIŞ-iň Agzalary Duşenbe Güni Yzyna Berilmäge Başlanar”

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, DAIŞ-iň agzalarynyň duşenbe gününden başlap öz ýurtlaryna yzyna berilmäge başlanjakdygyny habar berdi

Içeri Işler Ministri: “DAIŞ-iň Agzalary Duşenbe Güni Yzyna Berilmäge Başlanar”

Türkiýe, elindäki DAIŞ-iň daşary ýurtly agzalaryny yzyna ibermäge başlar. 

Beýanat ýurdyň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu tarapyndan berildi. 

Paýtagt Ankaradaky açylyş dabaralarynyň birinde Süleýman Soýlu: "Häzir bolsa biz bulary size bermäge başlaýarys. Muny duşenbe gününden başlarys" diýip habar berdi. 

Ekstremist terror guramasy PKK-a agza bolan we atlary terror sanawynyň gyzyl kategoriýasynda bolan 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilmeginiň hem üstünde durup geçen Soýlu: "PKK-nyň liderlerinden Karaýylan gynanypdyr. Bu ýerde milletimize söz berýäris, Karaýylany öli ýylan ýagdaýa getireris" diýip belledi. 

 


Etiketkalar: agza , DAIŞ , Türkiýe

Degişli Habarlar