“Dörttaraplaýyn maslahat dekabr aýynda Londonda geçiriler”

Bu barada Prezidentiň Metbugat sekretary Kalyn beýanat berdi

“Dörttaraplaýyn maslahat dekabr aýynda Londonda geçiriler”

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Türkiýe, Germaniýa, Fransiýa we Britaniýa dörttaraplaýyn maslahatynyň Britaniýanyň paýtagty Londonda dekabr aýynyň 3-4-i aralygnda boljak NATO-nyň maslahatynyň çäginde geçirilmegi boýunça ylalaşylandygyny beýan etdi.

Ibrahim Kalynyň ýolbaşçylygyndaky topar Stambuldaky Mabeýn köşkünde Germaniýanyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň wekiliýetleri bilen NATO-nyň maslahatynda liderler derejesinde geçiriljek dörttaraplaýyn duşuşyga taýarlyk ýygnagyny geçirdi.

Kalyn geçiren metbugat ýygnagynda Germaniýanyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň liderleriniň wekilleri bilen Prezident R.T.Erdoganyň NATO-nyň maslahatynyň çäginde geçirjek dörttaraplaýyn maslahatynyň gün tertibiniň kesgitlenendigini, NATO-nyň maslahatynda garaljak ugurlaryň, Siriýa meselesinde ediljek başlangyçlaryň ara alynyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

Kalyn: “Londonda dekbar aýynyň 3-4-i aralygynda geçiriljek NATO-nyň maslahatynyň çäginde dörttaraplaýyn maslahatyň geçirilmegi boýunça ylalaşyldy” diýdi.

Ibrahim Kalyn “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň Tal Abýad we Rasulaýn etraplaryndan başlap Siriýanyň demirgazygynda Türkiýe-Siriýa serhedinde 30 kilometr içerde howpsyz zolagyň döredilmegine şert döredendigini, onuň bolsa bosgunlaryň yzyna dolanmagy üçin amatly şert dörendigini beýan etdi.


Etiketkalar: maslahat , NATO , London , Ibrahim Kalyn

Degişli Habarlar