Akar: “PKK/PÝD çekilmeli bolan zolaklardan entegem çekilmedi”

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ekstremist terror guramasy PKK bilen onuň Siriýadaky şahasy PÝD-nyň, Türkiýe serhedine golaý zolaklardan entegem çekilmändigini habar berdi

Akar: “PKK/PÝD çekilmeli bolan zolaklardan entegem çekilmedi”

Ministr Hulusi Akar, CNN International kanalynda Beky Andersonyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi.

Andersonyň, Türkiýäniň Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda ÝPG/PKK-a terror guramasyna garşy alyp barýan Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen bagly soraglaryna jogap beren Hulusi Akar, Türkiýäniň Siriýanyň we beýleki ähli goňşularynyň syýasy jebisligine we territorial bütewiligine hormat goýýandygyny habar berdi.

Ministr Akar: “Biz Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyny ýerine ýetirýän mahalymyz, hiç hili basyp alyjylyk, içerki işlere goşulyşmak ýa-da başga bir zat etmeýäris. Bu ýerde diňe terror guramalaryna garşy bir operasiýa geçirýäris” diýip mälim etdi.

Hulusi Akar: “Hem Russiýa hem-de ABŞ, ÝPG/PKK-nyň bu sebitlerden çykaryljakdygy barada söz berdi. Emma entegem ÝPG-e agza terrorçylar tarapyndan köp sanda düzgün bozmalar bar we biz bulara garşy göreş alyp barýarys. Şol bir wagtda Russiýa we ABŞ bilen hyzmatdaşlyk edip, olardan ÝPG/PKK-a agza terrorçylary ol ýerlerden çykarylmagyny talap edýäris” diýip belledi.



Degişli Habarlar