Goranmak ministrligi: “Asuda ilata, dini we taryhy ýerlere zeper ýetirilmedi”
Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň, Siriýanyň demirgazygynda geçirýän Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynda asuda ilata, dini we taryhy ýerlere zeper ýetirilmändigini habar berdi
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy başlamadan ozal, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň asuda ilaty, taryhy, medeni we dini gurluşlary nyşana almajakdygyny we daşky gurşawa zeper ýetirmejekdigini aýdandygy ýatladyldy.
Ýewfrat galkany operasiýasy we Zeýtun Şahajygy operasiýalarynda bolşy ýaly, Parahatçylyk çeşmesi operasiýasynyň ýerine ýetirilmeginiň hem şol sebäpli yza süýşürilendigi we bu ýörelgelerden dänilmändigi aýdylýan beýanatda, terror guramasy PKK/ÝPG-e agza terrorçylaryň we onuň tarapdarlarynyň, entek operasiýa başlamadan ozal Kürt doganlarymyzy ýojk etjekdigimizi, hristianlar başda bolmak bilen beýleki etniki we dini toparlaryň nyşana alynjakdygy baradaky ýalanlary orta atandygy, öz eden adamzat jenaýatlaryny bolsa bütin dünýäden gizlemek üçin tagalla edendigi mälim edildi.
Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň terror guramasy PKK/ÝPG-e agza terrorçylaryň we olaryň tarapdarlarynyň maskalaryny ýene-de bir gezek aýyrandygy aýdylýan beýanatda: “Terror guramasynyň Tel Abýatda bir ybadathana minomýot goýandygy, käbir ybadathanalara bolsa terrorçylaryň lideri Abdullah Öjalanyň suratlaryny asandygy ýüze çykaryldy. Şu gün bolsa Tel Abýatdaky we Ras-el-Aýndaky ybadathanalara üns berilende Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynda hiç hili zeper ýetmändigi aýdyň ýagdaýda görünýär” diýip habar berildi.
Degişli Habarlar
Türkiýe uzak ýyllardan soň Damaska geňeşçi belledi
Türkiýäniň Moritaniýadaky Ilçisi Burhan Körogly Damaska geňeşçi hökmünde bellendi.
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Fidan bilen Blinke duşuşykda Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.