ABŞ-nyň 2018-nji ýyl boýunça terrorizm habarnamasyna reaksiýa bildirildi

" ABŞ, şol habarnamadan soň terrorizm meselesinde hiç hili garaýyş beýan edip bilmez"

1300102
ABŞ-nyň 2018-nji ýyl boýunça terrorizm habarnamasyna reaksiýa bildirildi

Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň 2018-nji ýyl boýunça terrorizm habarnamasy barada ýazmaça beýanat berildi.

Beýanatda ady agzalýan habarnamada, esktremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG/PÝD we Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň adynyň agzalmazlygynyň  ABŞ-nyň iki ýüzli çemeleşmesini açyk aýdyň görkezýändigi nygtaldy.

Terrora garşy göreş bahanasy bilen dünýäniň çar tarapyndan iş alyp barýan ABŞ-nyň, şol habarnamadan soň terrorizm meselesinde hiç hili garaýyş beýan edip bilmejekdigi ýatladyldy

Beýanatda “Terror guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýänleriň iru-giç şol gurama sebäpli ýitgi çekjekdiklerini ýatlamak isleýäris” diýildi.

Türkiýäniň 1984-nji ýyldan bäri yzygiderli ýagdaýda ekstremist terror guramalaryna garşy göreşendigine, ozal ASALA-nyň başda durmagynda halkara derejesinde iş alyp baran dürli terror guramalarynyň hüjümine sezewar bolandygyna üns çekilen beýanatda “Dünýäde Türkiýe ýaly terrorçylykly hüjümlere sezewar bolan we terrora garşy egilşiksiz tutum alyp barýan we oňyn netije alan az ýurt bar bolsa gerek” diýildi.

Beýanatda şeýle hem Türkiýäniň PKK we DAIŞ bilen birlikde PÝD we FETÖ ýaly terror guramalarynyň başda durmagynda ähli terror guramalaryyna garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirjekdigi bellenildi.



Degişli Habarlar