"Bagdatdaky protestlerde aşa güýç ulanylýandygy baradaky habarlara alada bildirýäris"

Türkiýe Yrakdaky protestler bilen baglanşykly beýanat berdi

1295598
"Bagdatdaky protestlerde aşa güýç ulanylýandygy baradaky habarlara alada bildirýäris"

Türkiýe Yragyň paýtagty Bagdatda we ýurdyň günortasyndaky şäherlerde hökümete garşy protestlerde aşa güýç ulanylýandygy baradaky habarlara alada bildirýändigini beýan etdi.

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Yragyň paýtagty Bagdatda we ýurdyň günortasyndaky welaýatlarda protest aksiýalaryň ýaňadandan başlamagy bilen başdan geçirilýän wakalara we parahatçylykly demonstrasiýalara garşy aşa güýjüň ulanylýandygy baradaky habarlara uly alada bildirýäris. Wakalarda köp sanda adam ýitgisiniň bolmagyna we şikes ýetmelere gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 

 


Etiketkalar: #Bagdat , #Yrak , #Türkiýe

Degişli Habarlar