Mewlüt Çawuşoglyndan nemes kärdeşine jogap

Ministr Çawuşogly, nemes kärdeşi Maasyň şenbe güni Türkiýä gurajak saparyndan ozal Twitterden beren beýanatyna jogap berdi

1294646
Mewlüt Çawuşoglyndan nemes kärdeşine jogap

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Germaniýanyň Daşary işler ministri Heýko Maasa sosial media hasabyndan beren jogabynda, Türkiýä ders bermek isleýänler, gerek bolan jogabyny aljakdygyny bilmelidigini nygtady.

Ministr Çawuşogly, nemes kärdeşi Maasyň şenbe güni Türkiýä gurajak saparyndan ozal Twitterden beren beýanatyna jogap berdi.

Mewlüt Çawuşogly beýanatynda: “Hormatly Heýko Maas, Türkiýä sapar gurajakdygyňa örän şat boldym. Gapymyz saňa hemişe açyk. Emma barmagyňy sallap däl. Türkiýä ders bermek isleýänler, gerek bolan jogabyny aljakdygyny bilmelidir” diýip belledi.

Heýko Maas, Twitterden beren beýanatynda, şenbe güni Türkiýä sapar gurajakdygyny barada maglumat beripdi we biri-birinden tapawutly meseleleri tankyt edipdi.



Degişli Habarlar