"TRT hökmünde global wyjdanyň sesi bolduk"

TRT World Forumyň çäginde 40-dan gowrak oturlyşyk geçirler

1291782
"TRT hökmünde global wyjdanyň sesi bolduk"

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň Baş müdüri Ibrahim Eren, TRT hökmünde global wyjdanyň sesi bolandyklaryny aýtdy.

Ibrahim Eren Stambulda Kongres merkezinde “Globallaşmanyň çökgünlügi :Howplar we pursatlar” temasy bilen geçirilýän TRT World Forum 2019-yň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Geçen ýyl “Bölünen dünýäde parahatçylyk we howpsyzlyk” temasy bilen geçirlen forumyň çäginde 20 oturlyşygyň geçirlendigini nygtan Eren, şu ýyl hem dürli ugurlarda hünämenleriň gatnaşmagynda 40-dan gowrak oturlyşygyň geçiriljekdigini belledi.

Şu ýyl 3-njisi geçirilýän TRT World forumyň, sebitara we halkara meselelere garalýan esasy guramaçylyklardan biri ýagdaýyna gelendigine ünsi çeken Eren “ Durmuşa geçiren işlerimiz bilen global wijdanyň sesi bolmaga dowam etdik” diýdi.

Ibrahim Eren, TRT hökmünde dünýä halk köpçüliginiň ýalňyş gönükdirilýän döwründe diňe we diňe hakykatlary halka ýetirendiklerini we şol döwürde hem uly kynçylyga sezewar bolandyklaryny nygtady

Eren, “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň başlamagy bilen birlikde TRT World forumyna gatnaşmazlyk üçin käbir zatlary bahana eden myhmanlarymyz boldy. Biz bu waka gaty gynandyk. Biz bir taraply dünýä garaýşyny we güýçsüziň ýok hasap edilýän adalatsyz dünýä ulgamyny asla kabul etmedik” diýdi.

Ibrahim Eren “Jenap Prezidentimizden alan ruhy goldawymyz bilen 7,5 milliard adamyň ykbalyny 5 ýurduň kesgitlemegine garşylyk görkezdik. Şol adalatsyz ulgamyň pidäkärlerine mikrafonlarymyzy uzatdyk, olaryň garaýyşlaryny beýan etmeklerine mümkinçilik döretdik. TRT hökmünde global wyjdanyň sesi bolduk”diýip belledi.

 



Degişli Habarlar