Terrora garşy göreş dowam edýär

Türkiýäniň Diýarbakyr, Mardin we Bitlis welaýatlarynda geçirilen operasiýalarda 1-i terror sanawynyň çal kategoriýasynda bolan jemi 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1291492
Terrora garşy göreş dowam edýär

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde Diýarbakyr welaýatynyň Lije etrabynyň obalyk ýerinde Içeri işler edarasy we welaýat Žandarma güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýada 1-i terror sanawynyň çal kategoriýasynda bolan jemi 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Bu terrorçylaryň biriniň 300 müň lira sylag bilen gözlenýän we terror sanawynyň çal kategoriýasynda bolan Fedai Koçer adyny ulanýan Ýusuf Demirdigi mälim edildi.

Mundan başgada Mardin welaýatynyň Derik etrabynyň obalyk ýerinde Žandarma güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýada 3 terrorçy, Bitlis welaýatynda, welaýatyň Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen topary tarapyndan geçirilen operasiýada bolsa ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Sebitdäki operasiýalar dowam edýär.



Degişli Habarlar