Fuat Oktaý Ýyldyz Tehniki uniwersitetiniň täze okuw ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Wise-prezident Fuat Oktaý, Siriýanyň demirgazygyndaky Howpsyz zolaga takmynan 2 million siriýaly bosgunyň göçüp barmagyny meýilleşdirýändiklerini habar berdi

1291934
Fuat Oktaý Ýyldyz Tehniki uniwersitetiniň täze okuw ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Fuat Oktaý Ýyldyz Tehniki uniwersitetiniň täze okuw ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Oktaý ol ýerde eden çykyşynda: "365 müň siriýalynyň meýletin ýagdaýda göçüp baran ýerleri bolan Ýewfrat galkany we Zeýtun şahajygy operasiýa sebitlerinden soň, indi bolsa Ýewfrat derýasynyň gündogaryny sebitiň halky üçin howpsyz ýagdaýa getirmekde ygrarlydyrys. Tel Abýad we Rasulaýn şäher merkezleri bilen 65 ýaşaýyş ýeri terrordan saplanyp, gözegçilik astyna alyndy. Döredilen howpsyz zolaklarda saglygy goraýyş we bilim başda bolmak bilen, azyk, ýol, elektrik tok, suw ýaly ähli zerur zatlar hiç hili tapawut goýmadan we tamasyz ýagdaýda siriýaly doganlarymyzyň hyzmatyna berdik" diýdi. 

Ertir agşam Türkiýäniň wagty bilen sagat 22:00-da Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyna berilen arakesmäniň tamamlanjakdygyny aýdan Oktaý: "120 sagatlyk möhlediň dowamynda terrorçylar ýaraglaryny taşlap, hinlerinden çykar we sebiti terk ederler" diýip belledi. 

Türkiýäniň hiç bir ýurdyň topragynda gözüniň bolmandygyna ünsleri çeken Oktaý: "Biziň hiç bir ýurdyň topragynda gözümiz ýok, emma biziň topragymyzda, biziň howpsyzlygymyzda gözi bolanlara we biziň parahatçylyk, jebislik we birlik, raýdaşlyk ýaly pikirlerimize garşy tapawutly niýetleri bolanlara asla çydam edip bilmeris, gerek bolan çäräni göreris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar