Mehmetçik, terrordan saplanan etrapçalarda çagalaryň ýüzüni güldürýär

Mehmetçik gözegçilik astyna alynan etrapçalarda gündelik durmuşyň adaty ýagdaýa gelmegi üçin tagalla edýär

1290920
Mehmetçik, terrordan saplanan etrapçalarda çagalaryň ýüzüni güldürýär
mehmetcik tel halaf4.jpg
mehmetcik tel halaf3.jpg
mehmetcik tel halaf2.jpg
mehmetcik tel halaf1.jpg

Mehmetçik, Siriýanyň demirgazygynda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň çäginde gözegçilik astyna alynan etrapçalarda çagalaryň ýüzüni güldürýär

Türkiýäniň günorta serhedinde döredilmäge çalyşylýan terror koridoryny ýok etmek, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi maksady bilen başladan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna 120 sagatlyk arakesme berilmeginden soň, Mehmetçik gözegçilik astyna alynan etrapçalarda gündelik durmuşyň adaty ýagdaýa gelmegi üçin tagalla edýär

Mehmetçik, Rasulaýn etrabynyň günbatarynda ýerleşýän Tel Halaf obasynda birnäçe ýyldan bäri terroryň guramasynyň zulumyna sezewar bolan halk bilen duşuşdy

ÝPG/PKK-nyň basyp alyşlygyndan halas bolan Tel Halaf obasynyn halkyna ýardam elini uzadan Mehmetçik, obanyň ýaşaýjylaryna çörek we azyk önümlerini paýlady, çagalara hem güýji köke hödürlemek bilen olaryň ýüzüni güldürdi

Obanyň ýaşaýjylaryndan Mahhmud Ahmed, “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň özlerine azatlyk getirendigini belledi.

Dünýaniň çar tarapynda kömege mätäçlere ýardam berýän Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti bilen Gyssagly ýagdaýlar we tebigy apatlar edarasy hem terrordan halas bolan halka ynsanperwer kömegini paýlaýar

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar