Prezident Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan Tramp bilen geçiren telefon söbetdeşligi hakynda maglumat berdi

1290696
Prezident Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan Twitterden ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen geçiren telefon söbetdeşligi hakynda maglumat berdi.

Erdogan telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde Türkiýe-Siriýa serhedinde döredilmäge çalşylýan howpsyz zolak hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Erdogan kärdeşi Trampa  geçmişi taryhyň çuňluklaryna çenli uzap gidýän Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň güýçlendirilmegi üçin edilýän tagallalardan hoşaldygyny aýtdy

Erdogan “Siriýanyň demirgazygynda howpsyz zolagyň döredilmegi meselesiniň başda durmagynda, sebitiň parahatçylygy we durnuklylygy üçin bilelikdäki tagallalarymyzyň dowam etmegini umyt edýärin”diýdi.

 



Degişli Habarlar