“Jenap Prezident, adamzadyň baş düşmany bolan terrory ýeňen halatymyzda has köp adamy halas ederis"

Prezident Erdogan, Trampa jogap berdi

1290191
“Jenap Prezident, adamzadyň baş düşmany bolan terrory ýeňen halatymyzda has köp adamy halas ederis"

Prezident R. T. Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda geçirilýän “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna 5 gün arakesme berilmeginiň yzy ýanyndan Twitterden beren beýannamasyna jogap berdi.

Erdogan Twitterden, “Jenap Prezident, adamzadyň baş düşmany bolan terrory ýeňen halatymyzda has köp adamy halas ederis. Bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzyň sebitimizde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etjekdigine ynanýaryn” diýdi. Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýk Pensiň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet bilen geçirlen gepleşiklerden soň metbugata beýannama berdi.

Çawuşogly, Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda geçirilýän “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna 5 gün arakesme beriljekdigini aýtdy.

Duşuşyklaryň yzy ýanynda beýannama beren ABŞ-nyň Prezident Donald  Tramp bolsa “ Türkiýeden gowy habarlar bar, millionlarça adam halas ediler, Sag bol Erdogan” diýipdi.


Etiketkalar: #sagbolsun , #jogap , #ABŞ

Degişli Habarlar