Terrordan saplanan Kişto obasynda terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan gazylan tunel tapyldy

“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň çäginde Tel Abýad Rasulaý etrapçalarynda 11 oba terrordan saplandy

1286225
Terrordan saplanan Kişto obasynda terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan gazylan tunel tapyldy

“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň çäginde terrordan saplanan Rasulaýn etrapçasynyň Kişto obasynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan gazylan tunel tapyldy.

Türkiýäniň günorta serhedinde döredilmäge çalşylýan terror koridoryny ýok etmek, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi maksady Türk ýaragly güýçleri bilen Siriýanyň Milli goşunynyň Siriýanyň demirgazygynda terror guramasy ÝPG/PKK-a we DAIŞ-e garşy başladan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynda terrordan saplanan obalarda gözleg işleri dowam edýär.

Basyp alyşlyk astyndaky Rasulaýn etrapçasynyň Kişto obasy bilen Türkiýe serhediniň arasynda terror guramasyna degişli tunel tapyldy.

Ýeriň 4 metr aşagyndaky tunelde beton diwarlar örülen.

Türk ýaragly güýçleri bilen Siriýanyň Milli goşunynyň çarşenbe güni başladan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň çäginde Tel Abýad Rasulaý etrapçalarynda 11 oba terrordan saplandy

 



Degişli Habarlar