“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýsyndan ýene-de bir gynançly habar gelip gowuşdy

Operasiýanyň çäginde 342 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1286457
“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýsyndan ýene-de bir gynançly habar gelip gowuşdy
hulusi akar baris pinari1.jpg

Türk ýaragly güýçlriniň Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda ýurda we sebite parahatçylyk hem-de asudalyk getirmek maksady bilen geçirýän “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyndan ýene-de bir gussaly habar gelip gowuşdy.

Siriýanyň “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen saplan Halap şäheriniň Azaz etrabynyň golaýynda bir esger şehit boldy.

Sebitde Türk ýaragly güýçleriniň bazasynda ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-niň gözegçiligindäki Tel Rifatdan minemýot bilen hüjüm guraldy. Snarýadlar sebäpli 5 esger ýaralandy. Ýaraly esgerler Kilis şäherindäki hassahana getirildi.

Hassahanada görülen çarelere garamazdan bir esger şehit boldy, şeýlelikde operasiýanyň dowamynda şehit bolan esgerleriň sany 3-e ýetdi.

Operasiýanyň çäginde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany bolsa 342-ä ýetdi.

Milli goranmak ministri Hulusi Akar 3 günden bäri dowam edýän operasiýa barada ministrlikde beýannama berdi.

Operasiýanyň meýilleşdirilişi ýaly üstünlik bilen dowam edýändigini nygtan Akar: “Häzirki wagta çenli 342 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

DAIŞ-e garşy göreşýän NATO we hyzmatdaşlyga agza ýeke-täk ýurduň Türkiýedigine ünsi çeken Akar: “Gahryman Türk ýaragly güýçleri “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen 3 müňden gowrak DAIŞ terrorçysyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Diňe bir ýurdumyzyň we milletimiziň howpsyzlygyna däl, şol bir wagtda sebitde ýaşaýan kürtler, araplar, assiriýalylar, Hristiýanlar we ýezidiler, keldaniler ýaly beýleki dini hem-de etniki toparlaryň howpsyzlygyna hem uly ähmiýet berýäris” diýdi.



Degişli Habarlar