ÝPG/PKK-a degişli ýerler nyşana alyndy we hatardan çykaryldy

Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaçylyk etmeginde “Parahatçylyk çeşmesi” operasiýasynyň utgaşyklyk maslahaty geçirildi

ÝPG/PKK-a degişli ýerler nyşana alyndy we hatardan çykaryldy

Türk harby uçarlary “Parahatçylyk çeşmesi” operasiýasynyň çäginde Ýefrat derýasynyň gündogarynda ýerleşýän ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a degişli ýerleri nyşana aldy we hatardan çykardy

Türk harby uçarlary terror guramasy ÝPG/PKK-nyň gözegçiligi astyndaky etrapça girip  30  kilometrlik ýoly geçdi

Obalarda terror guramasyna degişli ýerler harby uçarlar tarapyndan bombalandy

Türk ýaragly güýçleriniň topçy topary hem Şanlyurfanyň Akçakale etrabynyň garşysynda Siriýanyň territoriasynda ýerleşýän Tel Abýatda terror guramasyna degişli ýerleri nyşana alýar

Beýleki tarapyndan Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaçylyk etmeginde “Parahatçylyk çeşmesi” operasiýasynyň utgaşyklyk maslahaty geçirildi.

Maslahatda “Parahatçylyk operasiýasy” ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyldy



Degişli Habarlar