“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy başlady

Türk ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygynda terror guramalary PKK/ÝPG we DAİŞ-e garşý “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyny başlatdy

baris pinari harekati.jpg
baris pinari harekati.jpg
baris pinari harekati.jpg
baris pinari harekati.jpg

Operasiýanyň başlanyny Prezident R.T.Erdon Twitter arkaly habar berdi.

Erdogan türk, iňlis we arap dillerinde ýazan habarnamasynda: “Türk ýaragly güýçlerimizi Siriýanyň Milli goşuny bilen bilelikde Siriýanyň demirgazygynda terror guramalary PKK/ÝPG we DAİŞ-e garşý “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyny başlatdy” diýip ýazdy.

Maksatlarynyň Türkiýäniň günorta serhedinde açylmaga synanşylýan terror koridoryny ýok etmekden we sebite parahatçylykdyr asudalygy getirmekden ybaratdygyny nygtan Erdogan: “ “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen ýurdumyza abanýan terror howpyny ortadan aýyrarys” diýdi.

Operasiýa bilen dörediljek howpsyzlyk zolagyň saýasynda siriýaly bosgunlaryň ýurtlaryna dolanmaklaryny üpjün etjekdiklerini beýan eden Prezident: “ Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen Siriýanyň territorial bitewiligini gorap, sebitiň halkyny terroryň pençesinden halas ederis” diýip ýazdy.

Prezident Erdogan operasiýa gatnaşýan gahryman esgerlere we ýerli goldaw güýçlerine üstünlik arzuw etdi.

Prezident Erdogan operasiýanyň başlandygyny habar bermezden ozal Şanlyurfa welaýatynyň Jeýlanpynary etrabyna serhetdeş bolan Rasulaýndan tüsseleriň göterilýändigi we partlama sesleriniň eşidilýändigi habar berilipdi.

Prezident Erdogan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýa barada Respublikan halk partiýasynyň Başlygy Kemal Kylyçdarogluna, Milletçi hereket partiýasynyň Başlygy Dewlet Baçelä we Gowy partiýanyň Başlygy Meral Akşenere telefon arkaly maglumat berdi.

“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň çäginde Tel Abýaddaky terror nyşanalaryna gaubisa atyşlary bilen hüjüm edilýär. Siriýa serhedinde harby uçarlaryň uçýandygy görülýär.

Operasiýa bilen baglylykda Daşary işler ministrligi ýokary diplomati alyp barýar.

Ministrlikden berilen beýanatda BMG-niň Howpsyzlyk geňeşine hemişelik agza ýurtlaryň Ilçilerine operasiýa hakynda maglumat bermek üçin ministrlige çagyrylandygy mälim edildi.

BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary ABŞ-dan, Russiýadan, Hytaýdan, Britaniýadan we Fransiýadan ybarat.

 

 



Degişli Habarlar