“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy başlady

Türk ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygynda terror guramalary PKK/ÝPG we DAİŞ-e garşý “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyny başlatdy

1284925
“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy başlady

Operasiýanyň başlanyny Prezident R.T.Erdon Twitter arkaly habar berdi.

Erdogan habarnamasynda: “Türk ýaragly güýçlerimizi Siriýanyň Milli goşuny bilen bilelikde Siriýanyň demirgazygynda terror guramalary PKK/ÝPG we DAİŞ-e garşý “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyny başlatdy” diýip ýazdy.

Maksatlarynyň Türkiýäniň günorta serhedinde açylmaga synanşylýan terror koridoryny ýok etmekden we sebite parahatçylykdyr asudalygy getirmekden ybaratdygyny nygtan Erdogan: “ “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen ýurdumyza abanýan terror howpyny ortadan aýyrarys” diýdi.

Operasiýa bilen dörediljek howpsyzlyk zolagyň saýasynda siriýaly bosgunlaryň ýurtlaryna dolanmaklaryny üpjün etjekdiklerini beýan eden Prezident: “ Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen Siriýanyň territorial bitewiligini gorap, sebitiň halkyny terroryň pençesinden halas ederis” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar