Ministr Selçuk päkistanly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Milli Bilim ministri Ziýa Selçuk, Pakistanyň Federal Bilim, Hünär bilimi we Milli miras ministri Şafkat Mahmood we ýanyndaky wekiliýet bilen Bilim ministrliginde duşuşyk geçirdi

1283944
Ministr Selçuk päkistanly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Tewfik Ileri maslahat zalynda geçirilen duşuşykda iki ýurdyň arasyndaky bilim bilen bagly meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ol ýerde wekiliýete ýüzlenip çykyş eden Selçuk, iki ýurdyň arasynda taryhdan gelýän doganlyk gatnaşyklarynyň kyn wagtlarda we milli dawalarda hem ikitaraplaýyn ýagdaýdaky goldaw häsýetinde bolandygyny nygtap geçdi.

Ýaryş, talyp çalşygy ýaly  bilim ugrundaky umumy taslamalaryň, iki ýurdyň medeniýetleriniň ikitaraplaýyn häsýetde tanyşdyrylmagyna goşant goşýandygyny aýdan Selçuk, bu hyzmatdaşlyklary özgertmek maksady bilen Türkiýäniň bilim ugrundaky tejribelerini paýlaşmakdan hoşal boljakdyklaryny beýan etdi.

Ministr Mahmood bolsa öz gezeginde görkezilýän myhmansöýerlik sebäpli minnetdarlyk bildirip, Pakistan bilen Türkiýäniň arasynda aýratyn bir dostlyk we doganlyk gatnaşygynyň bardygyny habar berdi.

Türkiýäniň hemişe Pakistanyň ýanynda bolandygyny, goldaw berendigini aýdan Mahmood, Pakistanly talyplaryň Türkiýedäki bilim ojaklaryna uly gyzyklanma bildirýändigini aýan etdi.

Mahmood, esasan hem hünär bilim ugrunda durmuşa geçiriljek hyzmatdaşlykdan hoşal boljakdyklaryny beýan etdi.



Degişli Habarlar