Prezident Erdogan Howpsyz zolak bilen bagly beýanat berdi

Prezident Erdogan, şu gün partiýasynyň Ankara şäheriniň Kyzyljahammam etrabyndaky 29-nji Geňeşme we netijelendirme maslahatynyň ýapylyşynda çykyş etdi

1282697
Prezident Erdogan Howpsyz zolak bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti we AK partiýanyň başlygy R.T. Erdogan, Howpsyz zolak babatynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkiýäniň öňe süren nokadyna gelendigini, emma töweregindäkileriň diýilýänlere gulak asmaýandygyny nygtady. 

Prezident Erdogan, şu gün partiýasynyň Ankara şäheriniň Kyzyljahammam etrabyndaky 29-nji Geňeşme we netijelendirme maslahatynyň ýapylyşynda çykyş etdi. 

Erdogan: "ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp biziň öňe süren nokadymyza geldi. Ýewfrat derýasynyň gündogaryndan çekilmegi gün tertibe getirdi, emma töweregindäkiler diýilýänlere gulak asanok" diýip habar berdi. 

 


Etiketkalar: #Howpsyz zolak , #Erdogan

Degişli Habarlar