Prezident Erdogan jöhitleri Roş ha-Şana baýramlary bilen gutlady

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, ýewreý senenamasyna görä täze ýyly alamatlandyrýan Roş ha-Şana baýramy bilen bagly gutlag ýüzlenmesini çap etdi

1279255
Prezident Erdogan jöhitleri Roş ha-Şana baýramlary bilen gutlady

Ähli jöhit raýatlary gutlan Prezident Erdogan, gutlag ýüzlenmesinde: “Söýgi we hoşniýetlilik medeniýetiniň simwoly bolan bu topraklarda eziz milletimiz, ençeme ýüz ýyllap medeni, syýasy we adamzat köpdürliligini birligi we jebisligi güýçlendiren iň uly baýlyk hökmünde kabul etdi. Tapawutly ynançlara agza raýatlarymyzyň öz medeni we däp-dessurlaryny belläp geçýän ýörite günleri, ýaşaýyş-durmuşymyza öwüşgin berýär, gadymy dostlugymyzyň we jebisligimiziň berkemegine itergi berýär. Bu pikirler bilen musaýylyk ynanjynyň iň möhüm dini baýramlarynyň biri hökmünde kabul edilýän Roş ha-Şana baýramy mynasybetli başda raýatlarymyz bolmak bilen ähli jöhitlere durnuklylyk dileýärin” diýip belledi.


Etiketkalar: #jöhit , #baýram , #Erdogan

Degişli Habarlar