"Türkiýe hökmünde Kaşykçy jenaýatynyň öwrenilmegi baradaky işlerimizi dowam etdireris"

Erdogan Amerikan "Ze Waşington Post” gazetine makala ýazdy

1278768
"Türkiýe hökmünde Kaşykçy jenaýatynyň öwrenilmegi baradaky işlerimizi dowam etdireris"

Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýatynyň ähli taraplaýyn öwrenilmegi baradaky işlerini dowam etdirjekdigini aýtdy

Erdogan Amerikan "Ze Waşington Post” gazetine ýazan makalasynda, şol gazetiň žurnalisti Kaşykçynyň 2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda ýurdunyň Stambul şäherindäki Başkonsullygynda öldürilmegi wakasy barada durup geçdi.

Erdogan “Kaşykçynyň öldürilmegi 11-nji sentýabrdaky terrorçylykly hüjümden daşary 21-nji asyryň iň uly we jedelleşikli wakalaryndan biri hasap edilip bilner. 11-nji sentýabrdaky hüjümden soň hiçbir waka halkara ulgama şeýle wehim salmadyk bolsa gerek” diýdi.

Erdogan “Jenaýatyň  1 ýyl ozal edilendigine garamazdan jenaýat bilen arabaglanşykly maglumatyň henizem çäkli bolmagy bolsa halkara jemgyýetçiliginiň giňden seljermeli esasy meselelerinden biridir. Saudy žurnalistiň öldürilmeginiň ähli taraplaýyn barlanmagy we öwrenilmegi, çagalarymyzyň nähili dünýäde ýaşajakdygyny hem kesgitlär” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň jenaýatyň edilen gününden bäri bu meselede doly aç-açanlyk syýasatyny alyp barýandygyny ýatlatdy

Kaşykçyny wagşylarça öldüren topar bilen Şa Salman Bin Abdulaziziň we Saud Arabystanynyň halkynyň arasynda açyk we anyk tapawudyň bardygyny aýdan Erdogan “Saud Arabystany biziň taryhy dostumyz emma bu biziň hakykaty aýtmagymyzy bökdäp bilmez. Onsuz hem dost dogryny aýdar” diýdi.

Adalatyň diňe milli we halkara kaziýetler arkaly ýüze çykaryljakdygyna ynanýandygyny aýdan Erdogan “Etabyň aç-açan gönükdirilmändigi, diňlenşikleriň ýapyk ýagdaýda geçirlendigi we aýyplanýanlaryň boşadylandygy hakyndaky garaýyşlar, halkara jemgyýetçiliginiň arzuwyny puja çykarmak bilen birlikde Saud Arabystanyna bolan ynama hem ýaramaz täsirini ýetirer. Saud Arabystany dost we hyzmatdaş hökmünde muňa asla rugsat bermez” diýdi.

Erdogan Türkiýe hökmünde Kaşykçy jenaýatynyň öwrenilmegi baradaky işlerini dowam etdirjekdiklerini nygtady

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar