Stambulda 5,8 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Güýç merkezi Mermer deňizi bolan 5,8 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1276926
Stambulda 5,8 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň internet saýtynda berilen maglumata görä, Türkiýäniň wagty bilen sagat 13:59-da bolan ýer titremäniň ýeriň 6,99 km aşagynda emele gelendigi we Stambulyň Siliwri etrabyna bolan uzaklygynyň 21,68 kilometrdigi mälim edildi.

Bogaziçi uniwerstitediniň Kandilli obserwatoriýa we Ýer titreme ylmy-derňew institutynyň Sebitleýin ýer titreme-sunami gözegçilik merkezi hem ýer titremäniň güýjüni 5,7 bal hökmünde kesgitledi.

Ýer titreme Stambulyň merkezinde we beýleki etraplarynda hem duýuldy.


Etiketkalar: #ýer titreme , #Stambul

Degişli Habarlar