“Türkiýäniň ykdysady şertleri durnukly kadalaşýar”

Natsuo Ýamaguçi Türkiýäniň ykdysady şertleriniň durnukly kadalaşýandygyny aýtdy

1274768
“Türkiýäniň ykdysady şertleri durnukly kadalaşýar”

 

Ýaponiýanyň koalision hökümetiniň agzasy Komeito partiýasynyň başlygy Natsuo Ýamaguçi Türkiýäniň ykdysady şertleriniň durnukly kadalaşýandygyny aýtdy

Natsuo Ýamaguçi bilen Ýaponiýanyň Türkiýedäki İlçisi Akio Miýažima we bileligindäki ýokary derejeli wekiliýet Eskişehir welaýatynyň gubernatory Özdemir Çakajak bilen duşuşdy.

Natsuo Ýamaguçi duşuşykda: “Türkiýede 2003-nji ýylda saparda bolupdym. Şol ýyllar bilen şu günki şertleri deňeşdirenimde Türkiýäniň ykdysady şertleriniň has ösendigine göz ýetirdim” diýdi.

Gubernator Özdemir Çakajak bolsa sapara kanagatlanma bildirip, Türkiýe bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynyň 1800-nji ýyllardan başlaýandygyny nygtady.

Ýaponiýa bilen Türkiýäniň arasynda geçmişden gözbaş alýan gatnaşyklaryň hasam ösdürilmegi üçin 2003-nji ýylda Ýaponiýada “Türkiýe Ýylynyň”, 2010-njy ýylda bolsa Türkiýede “Ýapon Ýylynyň” yglan ediledigini ýatladan Çakajak, 2013-nji ýylda Ýaponiýa bilen strategik hyzmatdaşlyk derejesine göterilen gatnaşyklaryň medeni gatnaşyklar we ykdysady hyzmatdaşlyklar arkaly günsaýyn ösýändigini sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar