“Siriýanyň geljegine iň uly howp ÝPG/PÝD/PKK tarapyndan abanýar”

"Üçtaraplaýyn maslahatda, Siriýada syýasy çözgüt umutlaryny artdyrjak möhüm kararlary kabul etdik"

“Siriýanyň geljegine iň uly howp ÝPG/PÝD/PKK tarapyndan abanýar”

Prezident R. T. Erdogan Siriýada indi iň uly howpyň DAIŞ däl eýsem ekstremist terror guramasy ÝPK/PKK-dygyny belledi.

Prezident Erdogan, Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani paýtagt Ankarada Çankaýa köşgünde geçirlen Türkiýe-Russiýa-Eýran Üçtaraplaýyn maslahatdan soň metbugata beýanat berdi.

Erdogan bilelikdäki metbugat ýygnagynda, Üçtaraplaýyn maslahatda, Siriýada syýasy çözgüt umutlaryny artdyrjak möhüm kararlary kabul edendiklerine ünsi çekdi.

DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen terror guramasyna goldaw berilmeginiň kabul edilip bilinmejekdigini nygtan Erdogan, “Siriýanyň geljegine iň uly howp PKK we onuň Siriýadaky bölegi ÝPG/PÝD/PKK tarapyndan abanýar” diýdi.

Erdogan “ÝPG/PÝD/PKK Siriýada iş alyp barmaga dowam eden halatynda ne Siriýada ne-de sebitde durnuklylyk ýola goýlar. Üçtaraplaýyn maslahatda Siriýa serhedimizde terror koridorynyň açylmagyna rugsat bermejekdigimizi beýan etdim” diýdi.     

“Biz Siriýanyň demirgazygynda parahatçylyk koridoryny açyp, ýurduň bölünmeginiň öňüni almagy maksat edinýäris” diýen Erdogan “Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky parahatçylyk koridory bosgunlar üçin ynamdar port bolar. Ýurdumyza gelen azyndan 2 million siriýaly doganymyzy şol zolaga ornaşdyrmak barada pikir edýäris. Öýlerine dolanjak siriýalylar üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlup bilner. Biz Türkiýe hökmünde bu meselede jogapkärçilik almaga taýar. Russiýa we Eýran bilen hem-de halkara jemgyýetçiliginiň beýleki agzalary bilen siriýaly bosgunlaryň meýletin ýagdaýda öýlerine dolanmaklary üçin işleşmek isleýäris” diýdi.

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bolsa ABŞ-nyň Siriýada terrorçylara goldaw berýändigini nygtap, “ABŞ Siriýany bölmäge çalyşdy. Bu kabul edilip bilinmez” diýdi.

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin hem kabul edilen bilelikdäki jarnamada, Siriýada yzygiderli parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin ýörite maddalaryň ýer alýandygyny belledi.

Rus lideri Putin “Siriýa konstitutsiýa komiteti indi öz işline başlamaly. Siriýanyň ykdysady we sosýal abatlaýyş etaby başlady” diýdi.

 



Degişli Habarlar